Biz barada


“Ak ýüpek” pagta egriji fabrigi Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde ýerleşýär. Bu fabrik ýurdumyzdaky ilkinji hususy pagta egriji fabrikleriň biri bolup durýar we onda öndürilýän ýüplük şu günki günde halkara bazarynda mäkäm ornuny tutdy. Fabrikde halkaly egirme usuly arkaly egrilen kardly nah ýüplügi (Ring Carded) we gysylan howaly usulda (pnewmomehaniki) egrilen kardly nah ýüplügi (Open End) öndürilýär. Çig mal hökmünde ekologiki taýdan arassa dürli görnüşli we sortly türkmen pagtasy ulanylýar.


Fabrikde şu aşakdaky tehnologiki enjamlar oturdylan:

  • Tüýdüji we saýyjy hatar „Rieter“ (Şweýsariýa) - 1 sany;
  • Darak enjamy „Rieter“ (Şweýsariýa) - 22 sany;
  • Lentalaýjy enjamy 1-nji tapgyr „Rieter“ (Şweýsariýa) - 5 sany;
  • Lentalaýjy enjamy 2-nji tapgyr „Rieter“ (Şweýsariýa) - 6 sany;
  • Çala tow beriji enjamy „Toyota“ (Ýaponiýa) - 5 sany;
  • Halkaly arkaly egriji enjamy (Ring) „Rieter“(Şweýsariýa)- 17 sany;
  • Saraýjy enjamy „Murata“ (Ýaponiýa) - 8 sany;
  • Howa arkaly egriji enjamy (О.Е.) „Rieter“ (Şweýsariýa) - 5 sany;
  • Barlamhana üçin enjamlaryň toplumy “Uster” (Şweýsariýa).

Fabrikde öndürilýän nah ýüplükler ýokary hili bilen tapawutlanýar we içerki bazarda, şeýle-de halkara bazarynda uly isleg bildirilýär. Ähli önümçilik tapgyry tejribeli hünärmenler, şeýle hem daşary ýurtly hünärler tarapyndan gözegçilikde saklanylýar. Fabrikde hut önümiň hiline uly üns berilýär, sebäbi dürli belgili (Ne 12/1-den Ne30/1-a çenli) ýüplügiň esasy alyjylary biziň ýüplüklerimizden dürli görnüşli matalar we şonuň esasynda tikin önümleri öndürýän Türkiýäniň iri dokma kärhanalary we Ýewropa ýurtlary bolup durýar.


Kärhanada 200-e golaý adam zähmet çekýär, olar üçin zerur durmuş şertleri döredilen, şol sanda mugt iýmitlendirme, ulag we medisina hyzmatlary.


Şu günki gün fabrigiň ýyllyk kuwwatlylygy 2,0 müň tonna deň bolup durýar. Ýöne eýýäm ýakyn wagtda tehnologiki enjamlaryň parkyny modernizasiýa işlerini geçirmegiň hasabyna önümçilik kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça anyk işler meýilleşdirilýär. Modernizasiýa işleri geçirilenden soňra fabrigiň eksport mümkinçiligi ep-esli artar, bu bolsa has köp sanly alyjylaryň islegini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.

Biziň öndürýän harydymyz


Müşderiniň sargydy boýunça, halkaly (Ring carded) we howa (Open End) usully egrilen dürli belgili nah ýüplükleri Nm 20/1 (Ne 12/1)-den Nm 51/1 (Ne 30/1) çenli.

Biziň belgilerimiz


Siziň sargytlaryňyza we teklipleriňize garaşýarys!

+993 (12) 437268/78
+993 (12) 438863